Gazada 7-nji Oktýabrdan Bäri Adamzat Taryhyň Iň Pajygaly Gyrgynçylygy Başdan Geçirilýär

Bu beýanat Prezident R.T.Erdogan tarapyndan berildi.

2138591
Gazada 7-nji Oktýabrdan Bäri Adamzat Taryhyň Iň Pajygaly Gyrgynçylygy Başdan Geçirilýär

Prezident Erdogan Stambulda geçirilen Bütindünýä Yslam alymlarynyň geňeşiniň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Özlerini “azatlyklaryň ýurdy” hökmünde häsýetlendirýänleriň Ysraýylyň bähbitlerine gezek gelende birdenkä faşizme tarap gönükýändiklerini aýdan Erdogan; “Rak keselliler bilen bilelikde 400-den gowrak gazaly hassany we ýaralyny ýurdumyzyň keselhanalarynda bejerdýäris” diýdi.

“Wyždanly ýurtlardan, halklaryndan daşgary global ulgamyň hojaýynlarynyň Ysraýyla gysyş etmegine garaşmak netijesizdir” diýen Erdogan: “Ysraýylyň her wyždanly sesi antisemitizm tokmagy bilen kesmegine ýol bermeris” diýdi.

Gazada Ysraýylyň hüjümleriniň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri adamzat taryhynyň iň pajygaly gyrgynçylyklaryndan biriniň başdan geçirilýändigine ünsi çeken Erddogan: “Ysraýyl bigünä adamlaryň ganyny dökmäge dowam edýär. 15 müň çaga rehimsizlik bilen gyryldy. 35 müň palestinaly doganymyz şehit edildi. 2 million adamn öýünden, ýurdundan göçmäge mejbur edildi. 7-nji oktýabrdan öň onsuz hem açyk tussaghana bolan Gaza soňky 219 günden bäri diňe Gitler Germaniýasynda görülen gyryş lagerlerine öwrüldi” diýdi.

Ähli ýurtlary Palestinany dessine ykrar etmäge çagyran Erdygan: “Hamas durnukly parahatçylyk ugrunda hakykatdan hem möhüm başlangyç etdi. Netanýahunyň jogaby bolsa Rafahdaky bigüna adamlara hüjüm etmek boldy” diýdi.



Degişli Habarlar