Türkiýe, Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär

3 müň 774 tonnalyk ynsanperwer kömegi düýn agşam dabaraly ýagdaýda ugradyldy.

2128620
Türkiýe, Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär

Gazanyň halky üçin taýarlanan 3 müň 774 tonnalyk ynsanperwer kömek gämisi Mersiniň halkara portundan düýn agşam ýola düşdi.

7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň hüjümleri astynda bolan Gaza Sektoryndaky palestin halkyna goldaw bermek maksady bilen 3 müň 774 tonnalyk ynsanperwer kömegi düýn agşam dabaraly ýagdaýda ugradyldy.

Gämi 40 sagada golaý dowam etjek deňiz ýolagçylygy bilen Gaza iň ýakyn bolan sebite Müsüriň Al Ariş portuna barar

Porta barjak gäminiň ýükü konteýnerler arkaly Rafah gümrük geçelgesine dalaşar.

Türkiýe hüjümleriň başlan gününden bäri Gaza 13 uçar we 8 gämi bilen jemi 39 müň 697 tonnalyk ynsanperwer kömegini berdi.

 



Degişli Habarlar