Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Asos sebitinde geçirilýän howa operasiýasy bilen ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2127994
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan etmäge dowam edýär. Yragyň demirgazygyndaky Asos sebitinde geçirilýän howa operasiýasy bilen ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrora garşy göreşimiz täsirli we tutanýerli ýagdaýda dowam eder" diýip habar ebrildi.

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda hem Yragyň demiragzygyndaky Hakurk sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 12 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edilipdi. 


Etiketkalar: #PKK , #terrorçy , #demirgazyk , #Yrak

Degişli Habarlar