Erdogan Al Sani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Bu barasynda Kommunikasiýa edarasyndan beýannamada habar berildi.

2128066
Erdogan Al Sani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Prezident R.T.Erdogan Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamed Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Katar gatnaşyklary, global we sebitleýin meseleler bilen Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri hem-de ynsanperwer kömek meselesinde pikire alyşyldy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Gaza Sektorundaky rehimsiz hüjümleriniň bes edilmegi we eden gumanitar jenaýatlarynyň jezasyny çekmegi üçin musulman dünýasiniň agzybir hereket etmelidigini aýtdy.

Erdogan sebitde dartgynlygyň ýaýbaňlanmazlygy üçin Ysraýylyň gysga möhletde gözegçilik astyna alynmagynyň we parasatly çemeleşilmeginiň iňňän möhüm ähmiýete eýedigini beýan etdi.

Liderler telefon söhbetdeşliginde birek-biregiň Oraza baýramyny gutladylar.

 



Degişli Habarlar