Içeri işler ministri "Galkan-19" operasiýasy barada maglumat berdi

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa "Galkan-19" operasiýasynda 1177 bikanun migrandyň saklanandygyny habar berdi

2127114
Içeri işler ministri "Galkan-19" operasiýasy barada maglumat berdi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial ulgam arkaly beren beýanatynda migrant kontrabanda gurnaýjylaryna we bikanun migrantlara garşy, ykjam migrasiýa nokatlarynyň üsti bilen "Galkan-19" atly operasiýanyň geçirilendigini habar berdi. 

Oraza baýramy bilen bagly yglan edilen dynç alyş günleriniň ilkinji 5 gününde geçirilen operasiýalarda 1177 bikanun migrandyň saklanandygyny aýdan Ali Ýerlikaýa, şol migrantlaryň Welaýat Migrasiýa edaralaryna gönükdirilendigini we ýurtdan çykarmak bilen bagly işleriň dessine başladylandygyny mälim etdi. 

Operasiýalaryň arakesmesiz ýagdaýda dowam etjekdigini aýdan Ali Ýerlikaýa, Türkiyäni bikanun migrasiýanyň nyşany we tranzit geçelge ýagdaýyna öwürmäge synanyşýan migrant kontrabanda gurnaýjylaryna asla mümkinçilik bermejekdiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar