Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiyäniň Gaza 45 müň tonnadan gowrak ynsanperwer kömek berendigini habar berdi

2126326
Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi

Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde, raýatlary Oraza baýramy bilen gutlady. 

Erdogan ýüzlenmesinde: "Kyn günlerde Palestinanyň halkynyň ýanyndadygymyzy görkezdik" diýip belläp: "Türkiye hökmünde, bu sebite ugradan jemi 45 müň tonnadan gowrak ynsanperwer kömeklerimiz bilen bu kyn günlerde Palestinanyň halkynyň ýanyndadygymyzy görekzdik. Nesip bolsa mundan soň hem Gazada akýan kan durýança çenli we palestinaly doganlarymyz 1967-nji ýyldaky serhetleriň esasynda paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan erkin Palestina döwletini esaslandyrýança çenli goldawymyz dowam eder" diýip habar berdi. 

Ýüzlenmesinde terror guramalaryna garşy operasiýalaryň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "PKK-dan FETÖ we DAIŞ-e çenli watanymyzyň jebisligine, raýatlarymyzyň asudalgyna kast edýän terror guramalaryan pursat bermeýäris. Terror batgalygyny gözbaşynda ýok etmek strategiýamyzy tutanýerlilik bilen durmuşa geçirýäris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar