Ermenistanyň, ABŞ-nyň we ÝB-niň Arasynda Geçiriljek Maslahat Tarapsyz Çemeleşmesine Zyýan Ýetirer

Türkiýe Ermenistanyň, ABŞ-nyň we ÝB-niň arasynda geçiriljek maslahatyň sebitdäki çylşyrymly meseleleriň çözülmegi üçin esas bolup durýan bitaraplyk çemeleşmesine zyýan ýetirjekdigini beýan etdi.

2125078
Ermenistanyň, ABŞ-nyň we ÝB-niň Arasynda Geçiriljek Maslahat Tarapsyz Çemeleşmesine Zyýan Ýetirer

Daşary işler ministrli Ermenistanyň, ABŞ-nyn we ÝB-niň arasynda 5-nji aprelde Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek üçtaraplaýyn maslahaty hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada Azerbaýjanyň 2-nji Garabag söweşinden soň basylyp alynan territoriýasyny halas etmegi we Garabagda 19-20-nji sentýabrda geçiren anti-terror operasiýasy bilen ýurduň territorial bitewiligini gaýtadan dikeltmegi netijesinde sebitde durnukly parahatçylyk üçin taryhyň şertiň dörändigi mälim edildi.

Bu taryhy şertiň netijelenmegine ýakyn durulýan şeýle sepgitde sebitiň daşyndaky güýçleriň başda durmagynda üçünji taraplaryň oňa adalatly hem-de bitarap çemeleşmekleriniň we zyýan ýetirmekden ünslülik bilen çetde durmaklarynyň ähmiýetiniň hasam artandygyna üns çekilýän beýannamada; “Bu çäkde Ermenbistanyň, ÝB-niň we ABŞ-nyň arasynda 2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän üçtaraplaýyn maslahatyň sebitdäki çylşyrymly meseleleriň çözülmegi üçin esas bolup durýan bitaraplyk çemeleşmnesini zyýan ýetirjekdigini aç-açan beýan etmegimiz jogapkärçiligimizden gelip çykýar. Azerbaýjany çetleşdirýän bu insiatiwa parahatçylyga hyzmat etman, eýsem Günorta Kawkazyň geosyýasy çekeleşik giňişligine öwrülmegine şert döreder” diýilýär.

Türkiýäniň bu meselede üstüne düşýän borçlaryny hemişe ýerine ýetirmäge taýýardygy nygtalyp, mundan beýläk hem Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda durnukly parahatçylyk üçin taryhy şertlerden peýdalanylmagyny goldamaga dowam etjekdigi beýan edildi.

 



Degişli Habarlar