Prezident Erdogan, Putini Saýlaw Ýeňişi Bilen Gutlady

Erdogan, Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

2117068
Prezident Erdogan, Putini Saýlaw Ýeňişi Bilen Gutlady

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini saýlawda gazanan ýeňişi bilen gutlady.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan, Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Putini saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlan Erdogan, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň täze döwürde hem pugtalanmak bilen dowam etjekdigine ynanýandygyny nygtady.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin elinden geleni etmäge taýardygyny belledi.

 



Degişli Habarlar