Çanakgala Ýeňişine 109 Ýyl Doldy

1-nji Jahan urşunda Osman döwleti Çanakgala frontunda milli azadedijilik göreşiji alyp bardy.

2116701
Çanakgala Ýeňişine 109 Ýyl Doldy

1-nji Jahan urşunda Osman döwleti Çanakgala frontunda milli azadedijilik göreşiji alyp bardy.

Türk taryhynyň öwrülşik nokatlaryndan biri bolan Çanakgala söweşleri, 1915-nji ýylyň 19-njy fewralynda Dardanel bogazyndaky deňiz söweşi bilen başlaýar. 325 gün dowam eden Çanakgala söweşleri 1916-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Türk goşunlarynyň ýeňişi bilen gutarýar.

1915-nji ýylyň 18-nji martynda Çanakgalada gazanylan deňiz ýeňişi bolsa, Türkiýäniň geljegi üçin öwrülşik nokady bolýar we Çanakgalanyň geçilip bilinmejekdigini subut edýar.

Birinji jahan urşunda 1915-nji ýlyň 18-nji martynda Osman imperiýasynyň ýeňişi bilen gutaran Çanakgala deňiz ýeňişiniň gazanylan güni her ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem buýsanç bilen bellenilip geçilýär.

Taryhy Gallipoli ýarym adasynda Şehitleri hatyralama güni we Çanakgala deňiz ýeňişiniň 109-njy ýyllygy mynasybetli dabara geçirilýär.

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjy M.K.Atatürkiň başda durmagynda Çanakgalany gemilmesiz edenler, duşmana garşy  söweşenler we bu watany geljek nesillere watan edenler uly buýsan we minnetdarlyk bilen hatyralanýar.

Çanakgalada 18-nji mart Şehitleri hatyralama güni we Deňiz ýeňişiniň 109-njy ýyllygy mynasybetli ilkinji dabara Respublika meýdanynda geçirildi.

Dabara Prezident R.T.Erdogan hem gatnaşdy. 

Prezident R.T.Erdogan dabarada sözlän sözünde; “Türk asyrynyň gurulmagynda Çanakgalada ýazylan dessandan alara iňňän möhüm derslerimiz bar. Jebisligimize, agzybirligimize, doganlyğymyza eýe çykanymyzda bütin dünýä gelende-de ýykylmajakdygymyzyň subutnamasy bolan Çanakgala ruhy, ýolumyza şöhle salmaga dowam eder” diýdi.

Milli goranmak ministri Ýaşar Güler, syýasy we harby ýolbaşçylar, söweş gahrymanlary we syýasy partiýalaryň wekilleri bilen Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň we Britaniýanyň diplomatik wekilleri dabara gatnaşdy.

Atatürkiň ýadygärligine gül desseleri goýuldy. Soň “Çanakgala geçilmez” ýazylan altyn medal Milli goranmak ministri Ýaşar Güler tarapyndan türk baýdagyna dakyldy.

Hormatly dymyşlykdan soň türk baýdagy döwlet senasynyň ýerine ýetirilmeginde diňe asyldy.

Dabara Dardanel bogazynda duran “TJG Büýükada” harby gämisiniň 21 top atyşy bilen tamamlandy.

anar.



Degişli Habarlar