Ysraýylly Ýolbaşçylar Gazada Ölen Bäbekleriň Hasabyny Bersin

Prezident R.T.Erdogan “Ysraýylly ýolbaşçylar gyrgynçylyk hakykatyny gizlemäge çalyşmagyň ýerine Gazada ölen bäbekleriň hasabyny bersin” diýdi.

2114577
Ysraýylly Ýolbaşçylar Gazada Ölen Bäbekleriň Hasabyny Bersin

Prezident Erdogan ilçilere berilen agzaçarda çykyş etdi.

Parahatçylyk aýy bolan remezany Gazanyň başda durmagynda ýakyn sebitde başdan geçirilýän wakalar sebäpli gussaly garşy alandyklaryny beýan eden Erdogan; “Gazada we baryp alan ýerlerinde 5 aýdan bäri dowam edýän Ysraýylyň hüjümlerinde 32 müň doganymyz şehit boldy. 73 müň palestinaly ýaralandy. Ysraýylyň wagşy hüjümleri netijesinde Gaza dünýäniň iň uly çaga we zenan gonamçylygyna öwrüldi. Biz şeýle diýenimizde Netanýahu we jenaýat ulgamy biynjalyk bolýar. Ähli ýollary synap gördüler, emma Taýýip Erdoganyň haky we hakykaty aýtmagyny asla bökdäp bilmediler” diýen Erdogan; “Bize ganhora ganhor diýmekden el çekdirip bilezler. Ysraýylly ýolbaşpçylar genosid hakykatyny gizlemäge çalyşmagyň ýerine Gazada ölen bäbekleriň hasabyny bersin. Azajyk un, azajyk makaron, belkem guran çörek alyp bilmek üçin nobata duran bigünä adamlary gyranlaryň bize aýdara sözi bolmaz” diýdi.

Türkiýäniň şu günki güne çenli bolşy ýaly, mundan beýläk hem palestinaly doganlaryna eýe çykjakdygyny, zalymlaryň öňünde-de hiç hili egilşik etmejekdigini aýdan Prezident Erdogan; “Biziň ählimiziň gyrylan palestinaly çagalara borjumyz bar, şol borç diňe garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagy bilen berjaý ediler” diýdi.



Degişli Habarlar