Türkiýe, Ukrainanyň Garaşsyzlygy, Özygtyýarlygy we Bitewiligi Üçin Tagalla Etmäge Dowam Eder

2 ýyldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň Ukraina ýaramaz täsirini ýetirýär

2106801
Türkiýe, Ukrainanyň Garaşsyzlygy, Özygtyýarlygy we Bitewiligi Üçin Tagalla Etmäge Dowam Eder

Türkiýe, Ukrainanyň garaşsyzlygy, özygtyýarlygy we bitewiligi üçin, parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam eder.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, 2 ýyldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň Ukraina ýaramaz täsirini ýetirýändigi, sebitara we halkara derejindäki täsiriniň hem barha agyrlaşýandygy ýatladyldy.

Beýannamada “Diplomatik etabyň gaýtadan başlamagy üçin amatly şertiň dörediljekdigine ynanýarys” diýildi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Ukrainanyň garaşsyzlygy, özygtyýarlygy we bitewiligi üçin, parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam edris” diýildi.

Russiýa 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina garşy söweş başladypdy.

 


Etiketkalar: #söweş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar