"Albaniýa Bilen Balkanlaryň Durnuklylygy Üçin Birlikde Tagalla Etmäge Dowam Ederis”

Erdogan bilen Rama metbugata beýannama berdi.

2105103
"Albaniýa Bilen Balkanlaryň Durnuklylygy Üçin Birlikde Tagalla Etmäge Dowam Ederis”

Prezident R. T. Erdogan “Türkiýe bilen Albaniýa, Balkanlaryň durnuklylygyna we parahatçylygyna uly goşant goşýan NATO agza iki ýurt. Albaniýa bilen Balkanlaryň durnuklylygy üçin birlikde tagalla etmäge dowam ederis” diýdi.

Prezident Erdogan, resmi sapar bilen düýn Ankara gelen Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama bilen Prezidentiň Kompleksinde geçirlen “Türkiýe-Albaniýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň birinji maslahatyndan we iki ýurduň arasyndaky şertnamalara gol çekişlik dabarasyndan soň metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan beýannamasynda, Premýer-ministr Rama bilen sebitde we dünýäde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandyklaryny nygtap, “Türkiýe bilen Albaniýa, Balkanlaryň durnuklylygyna we parahatçylygyna uly goşant goşýan NATO agza iki ýurt. Albaniýa bilen Balkanlaryň durnuklylygy üçin birlikde tagalla etmäge dowam ederis”diýdi.

Erdogan, Albaniýa bilen harby we goranyş senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini we baglaşylan harby şertnamanyň munyň anyk görkezijisidigini aýtdy.

Ysraýylyň Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda durup geçen Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama hem “Gazada hüjümleriň bes edilmeginiň wagty geldi. Zamun alynanlar boşadylmaly. Türkiýe, howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin Gaza we Ysraýyl meselesinde esasy aktýor” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar