Prezident Erdogan terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiyäniň günorta serhetlerinde islendik ýagdaýda "terroristan"-yň döredilmegine ýol bermejekdigini aýtdy

2101411
Prezident Erdogan terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Prezident Erdogan Prezidentiň kompleksinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda, ykdysadyýet, bilim, terrora garşy göreş we daşary syýasat başda bolmak bilen ençeme tankydy meseläni jikme-jik ýagdaýda ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Serhetaşa operasiýalaryň hemmetaraplaýyn seljerilýändigini aýdan Erdogan, Türkiyäniň "terrory gözbaşynda ýok etmek" strategiýasy bilen ekstremist terror guramasyny dar sebit bilen çäklendirendigini beýan etdi. 

Ekstremist terror guramasynyň ömrüni uzadýan esasy faktoryň, käbir ýaranlar bilen Demirgazyk Yrakdaky käbir gurluşlaryň terrorçylara berýän goldawydygyny aýdan Prezident Erdogan: "Türkiye, elbetde, Yragyň territorial bitewiligine we özygtyýarlylygyna hormat goýýar. Yragyň terrora garşy göreşini tüýs ýürekden goldaýarys. Yrakly doganlarymyzdan tamamyz: Yrak topraklarynyň biziň ýurdumyza garşy terrorçylykly hereketler üçin esas hökmünde ulanylmagyna ýol bermezligidir" diýip nygtady. 

Terroryň ýok edilmeginiň Yrak bilen durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen Galkynyş Ýoly taslamasy üçin hem möhüm ähmiýete eýedigini aýdan Prezident Erdogan: "Türkiye günorta serhetlerinde islendik ýagdaýda "terroristan"-yň döredilmegine ýol bermeris. Terror guramasynyň agzalaryny nirede görsek, şol ýerde mynjyratmaga, şol maksat bilen emele getirilen infrastrukturany ýok etmäge dowam ederis" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar