Prezident Erdogan esgerleri Täze ýyllary bilen gutlady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan esgerleri Täze ýyllary bilen gutlady

2082635
Prezident Erdogan esgerleri Täze ýyllary bilen gutlady

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Prezident Erdogan Kilis welaýatynda saparda bolan Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň üsti bilen telefon arkaly ol ýerde harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän esgerleri Täze ýyllary bilen gutlady. 

"Siriýanyň serhedindäki göreşde gazanan üstünliklerimiz we ol ýerde alynyp barylan gahrymançylykly göreş islendik pursat biz üçin howpsuzdygymyzyň alamatydyr" diýip aýdan Prezident Erdogan şehit bolan esgerlere Alladan rehnet, ýaralananlara bolsa şypa diledi. 

Prezident Erdogan: "2023-nji ýyly nähili geçirendigimizi, yzda galdyrýandygymyzy düşündirmegiň zerurlygy ýok bolsa gerek. Emma mundan soňky tapgyrda biz gahrymanlarymyz bilen bilelikde howpsuzlyk astyndadyrys we bu ýagdaýda Allanyň kömegi bilen ýolumyzy dowam etdireris diýip umyt edýärin. Ähli esgerleri, ofiserleri, serkerdeleri täze ýyllary bilen gutlaýaryn we 2024-nji ýylyň düşümli bolmagyny Alladan dileýärin. Size salamymy, söýgümi, hormadymy iberýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar