Baýraktar TB3 Uçuş Synagyny Üstünlik Bilen Geçdi

“Baýkar” tarapyndan milli we özbolyşly şertlerde öndürilen ýaragly uçarmansyz howa ulagy “Baýraktar TB3” ÝUHU 32 sagat dowam eden uçuş synagyny üstünlik bilen geçdi.

2079332
Baýraktar TB3 Uçuş Synagyny Üstünlik Bilen Geçdi

“Baýkar” firmasynyň beren beýannamasyna görä ilkinji uçuşyny 27-nji oktýabrda geçirenden soň yzly-yzyna performans synaglaryndan geçen “Baýraktar TB3” ÝUHU üçin orta belentlikdäki ulgam we çydamlylyk performansyny ölçemek üçin 13-nji uçuş synagy geçirildi.

“Baýraktar TB3” ÝUHU, Tekirdag welaýatynyň Çorlu etrabyndaky AKYNJY Uçuş talimi we synag merkezinde geçirilen synagda ortaça 20 müň fit belentlikde üznüksiz ýagdaýda 32 sagat uçdy.



Degişli Habarlar