Görülen Çäreleriň Oňyn Netijeleri Bazarda Duýulýar

Prezident R.T.Erdogan gören çäreleriniň oňyn netijeleriniň bazarda duýulýandygyny beýan etdi.

2075244
Görülen Çäreleriň Oňyn Netijeleri Bazarda Duýulýar

Prezident Erdogan paýtagt Ankareada Döwlet Suw işleri edarasy tarapyndan gurluşygy tamamlanan 369 desganyň köpçülikleýin açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Erdogan şu günki güne çenli iş, hyzmat we eser öndürendiklerini beýan etdi.

“Oktýabr aýyna degişli el güýi hasabatlary dogry ýolda barýandygymyzy görkezýär” diýen Erdogan; “İşsizligiň mukdary oktýabr aýynda öňki aýa görä ýarym bal aşaklap, 8,30 göterime düşdi. İş bilen üpjün edilenlerin sany bolsa degişli döwürde öňki aý bilen deňeşdirilende 246 müň adam artyp, 31,835 000 adama ýetdi. Bu görkezijiler işsizlik mukdarynda 2012-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri iň aşak derejäni aňladýar” diýdi.

Türkiýäniň ykdysady ösüşde we eksportda onsuz hem ýokary derejä eýedigini nygtan Erdogan; “Gören çärelerimizimiň oňyn netijeleri bazarda duýulýar. Geljek aýlardan başlap has gowy görkezijilerini alarys” diýdi.



Degişli Habarlar