Numan Kurtulmuş Palestina raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş: "Türkiye hökmünde bütin Palestinanyň halky bilen, hem Günbatar Şeriadakylar hem-de Gazadakylar bilen raýdaşlyk içindedigimizi beýan edýärin" diýip habar berdi

2069462
Numan Kurtulmuş Palestina raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi

TBMM-niň başlygy we Aziýanyň Parlament Assambleýasynyň (APA) döwürleýin balygy Numan Kurtulmuş TBMM-niň ýer eýeçilik etmeginde Antalýada geçirilen Ýerine ýetiriji geňeşiň mejlisiniň açylyşynda söz sözledi. 

Numan Kurtulmuş Gazadaky gyrgynçylygy amala aşyranlaryň bu zatlardan dynyp bilmejekdigini belläp: "Srebrenisa gyrgynçylygyny eden ganhorlar nähili halkara harby jenaýat kazyýetlerinde jogap beren bolsalar, Netanýahu we topary hem halkara harby jenaýat kazyýetinde hökmany ýagdaýda jogap bererler. Şonuň üçin hem halkara jemgyýet her taraplaýyn taýarlyk görmelidir we şol ugur boýunça Palestinanyň halky bilen raýdaşlyk içinde bolmalydyr" diýip nygtady. 

Iki gün soň Palestinanyň Halky bilen Halkara Raýdaşlyk güni boljakdygyny aýdan Numan Kurtulmuş: "29-njy noýabr bütin dünýäde Palestinanyň halky bilen raýdaşlyk günüdir. Biz hem APA mejlisiniň wekilleri hökmünde bu ýerde Palestina bilen raýdaşlygymyzy, Palestinanyň halky bilen agzybirdigimizi we jebisdigimizi Antalýadan bütin dünýä yglan etmek ýaly jogapkärçiligimiziň bardygyny bellemek isleýärin. Şol sebäpli Türkiye hökmünde bütin Palestinanyň halky bilen, hem Günbatar Şeriadakylar hem-de Gazadakylar bilen raýdaşlyk içindedigimizi we Palestinanyň halkynyň bu kanuny göreşini ahyryna çenli goldajakdygymyzy her pursatda beýan edip geçişimiz ýaly, bu ýerde hem ýagny Aziýanyň Parlament Assambleýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiň mejlisinde-de ýene-de bir gezek belläp geçmek isleýärin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar