"Palestinaly doganlarymyzyň Ysraýylyň zulumyndan halas edilmegi biziň borjumyzdyr"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümleri bilen baglanşykly: "Palestinaly doganlarymyzyň Ysraýylyň zulumyndan halas edilmegi, Gazada dünýäniň gözüniň öňünde edilýän gyrgynçylyklary duruzmak biziň borjumyzdyr" diýip belledi

2060505
"Palestinaly doganlarymyzyň Ysraýylyň zulumyndan halas edilmegi biziň borjumyzdyr"

Prezident Erdogan Rize welaýatynda gurluşygy tamamlanan käbir taslamalaryň köpçülikleýin açylyş dabarasynda eden çykyşynda, Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümleriniň üstünde durup geçdi. 

Bir ot halkasynyň ortasyndadygymyzy aýdan Prezident Erdogan, şol oduň Türkiyä zyýan ýetirmeginiň öňüni aljak güýje eýedigini beýan etdi. 

Prezident Erdogan: "Palestinaly doganlarymyzyň Ysraýylyň zulumyndan halas edilmegi, Gazada dünýäniň gözüniň öňünde edilýän gyrgynçylyklary duruzmak biziň borjumyzdyr" diýip nygtady. 

Erdogan Gazadaky bu ahlaksyz, wyždansyz, erbet gyrgynçylygy edýänleri goldaýanlaryň ýüzüne günälerini aýtmagyň hem taryhyň öňünde jogapkärdiklerini beýan etdi. 

Palestina babatynda görünýänden has köp zat edendiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Gazadaky doganlarymyzy asla eýesiz, çäresiz we ýeke başlaryna goýmadyk, mundan soň hem goýmarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar