Resmiler Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler

Resmiler Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler

2057377
Resmiler Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler

Respublikan Halk Partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdargoly: "Beýik serkerde Mustafa Kemal Atatürk we egindeşleri başda bolmak bilen ähli şehitleri rehnet we hormat bilen hatyralap geçýärin. Halkmyzy 29-njy oktýabr Respublika baýramy bilen gutlaýaryn" diýdi. 

Milletçi Hereket Partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli gutlag ýüzlenmesinde: "Türkiye Respublikamyzyň 100-nji ýylyna ýetmegiň ägirt uly şatlygyny we ajaýyp gymmadyny mynasyp milli buýsanç bilen belläp geçýäris" diýip belledi. 

Daşary işler ministri Hakan Fidan: "Ýurdumyzyň eýe bolan mümkinçiliklerinden we başarnyklaryndan güýjüni alýan milli daşary syýasatymyz bilen parahatçylygyň, umumy düşünjäniň, adalatlylygyň we ynamyň nyşany bir Türkiye hökmünde adalatly bir dünýä üçin batyr we tutanýerli ädimler etmäge dowam ederis" diýip belledi. 

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler hem gutlag ýüzlenmesinde: "Türkiye Asyry maksatlarymyza laýyklykda işlerimizi tutanýerlilik we tagallalar bilen dowam etdirýäris" diýip nygtady. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun gutlag ýüzlenmesinde dünýä taryhynda görülip-eşidilmedik göreşiň, deňi-taýy bolmadyk tutanýerliligiň we erjelligiň, watana we milletiň çäksiz söýgüsiniň iň ajaýyp eseri hökmünde esaslandyrylan Respublikanyň 100-nji ýylyna ýetmekde özlerini buýsanç we bagt duýýandyklaryny aýtdy.

Prezidentiň Daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça maslahatçysy ilçi Akif Çagataý Kylyç Respublikanyň 100-nji ýylyny: "Baýdagymyzy Türkiye Asyrynda has ýokary götereris" sözleri bilen gutlady.  

Kylyç: "Ýerli we milli tehnologik göçümler bilen Respublikamyzy 2053 we 2071 maksatlaryna ýetireris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar