Google 29-njy Oktýabr Respublika Baýramyna ýörite "Doodle" taýarlady

Internet gözleg motory Google esasy sahypasynda 29-njy Oktýabr Respublika Baýramyny ýörite "Doodle" taýarlap gutlady

2057291
Google 29-njy Oktýabr Respublika Baýramyna ýörite "Doodle" taýarlady

Doodle basylan mahaly ulanyjylar 29-njy Oktýabr Respublika Baýramy bilen baglanşykly maglumatlaryň we habarlaryň paýlaşylan sahypa ugrukdyrýar. 

Ulanyjylaryň ugrukdyrylýan sahypada "Şu günki Doodle bilen Respublika baýramyny we Türkiye Respublikasynyň 100-nji ýylyny gutlaýarys" diýip ýazylan. 

Doodlede şeýle hem paýtagt Ankara şäherindäki 1-nji Mejlis binasyny we Türkiyäniň baýdagyny görüp bolýar. 

Doodle gollanmasynda dünýä ýurtlary üçin möhüm günler we dynç alyş günleri, medeni wakalar we taryhda ýaşap geçen meşhur adamlar, tema bilen bagly ýörite bellikler bilen ünsleri çekýär. 

Internet ulanyjylary ýörite taýarlanan belligiň üstüne basyp, şol gün, şahsyýet ýa-da mesele bilen bagly jikme-jiklikler barada maglumatlary görüp bolýar. 



Degişli Habarlar