Prezident Erdogan Hindistana Gitdi
Prezident Erdoganyň, käbir ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.
2034949

Prezident R. T. Erdogan, G-20-niň liderler derejesinde geçiriljek 18-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Hindistana gitdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, G-20-a agza ýurtlaryň liderleri sentýabr aýynyň 9-10-y aralygynda geçiriljek “Bir Dünýä, Bir Maşgala, Bir Gelejek” temaly maslahata gatnaşar.
Prezident Erdoganyň, G-20-a agza ýurtlaryň liderleri, mundan başgada maslahata gatnaşýan käbir ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.