Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri ysraýylly kärdeşi bilen söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Ysraýylyň Energetika ministri Israel Kas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2032530
Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri ysraýylly kärdeşi bilen söhbetdeş boldy

Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar X sosial media platformasyndan Ysraýylyň Energetika ministri Israel Kas bilen geçiren telefon söhbetdeşligi barada maglumat berdi. 

Telefon söhbetdeşliginde tebigy gaz başda bolmak bilen energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Baýraktar: "Hormatly Kasyň eden çakylygyna laýyklykda iň gysga wagtda Ysraýyla sapar guramagy meýilleşdirýäris" diýip habar berdi. 

Ysraýylyň Energetika ministri Israel Kas X sosial media platformasyndan beren beýanatynda: "Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen netijeli telefon arkaly söhbetdeş boldyk. Energetika hyzmatdaşlygymyzy özgertmegiň mümkinçiliklerini ele aldyk" diýip mälim etdi. 

 



Degişli Habarlar