30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy Türkiyede we daşary ýurtlarda giňden bellenilip geçilýär

30-njy Awgust Ýeňiş Baýramynyň 101-nji ýyly Türkiyede we daşary ýurtlardaky wekilhanalarda giňden bellenilip geçilýär

2030901
30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy Türkiyede we daşary ýurtlarda giňden bellenilip geçilýär
erdogan anitkabir1.jpg
erdogan anitkabir.jpg

Dabaralaryň çäginde paýtagt Ankara şäherinde ilkinji çäre Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabirde geçirildi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki wekiliýet 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli Anytkabire zyýarat etdi. 

Erdoganyň Atatürkiň mawzoleýine aý-ýyldyz motiwli gül desselerini goýmagyndan soň hormatly dymyşlyk edildi, Milli Sena ýerine ýetirildi. 

Prezident Erdogan we hökümet agzalary ondan soň Milli Ant binasyna geçdiler. 

Ol ýerde Anytkabiriň ýörite depderine gol goýan Prezident Erdogan depdere şu aşakdakylary ýazdy: "Eziz Atatürk türk milletiniň azatlyk we garaşsyzlyk pikiriniň ölmez-ýitmez andy diýip belläp geçen Beýik Ýeňişiň 101-nji ýylyny belläp geçmegiň şatlygyny başymyzdan geçirýäris. Şanly taryhymyzyň öwrülişik nokatlarynyň biri bolan şu gün hem Siziň Alyhezretiňizi, Beýik Millet mejlisiniň hormatly agzalaryny we eziz şehitlerimizi uly hormat bilen ýatlap geçýäris. Döwrebap medeniýetler derejesinden hem ýokary çykararmak maksatnamamyzyň nyşany ýagdaýyna gelen Türkiyäniň Asyry maksatnamamyzyň döwlet we millet bolup uly gaýrat we tutanýerlilik bilen durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzy maksatlaryna, milletimizi hem asyrylyk arzuwlaryna ýetirýänçäk çenli arman-ýadaman gije-gündiz zähmet çekmäge dowam ederis. Ýatan ýeriň ýagty bolsun" diýip belledi. 

Anytkabir hökümet agzalarynyň gatnaşmagyndan geçirilen dabaradan soň myhmanlara çyldy. 

30-njy Awgust Ýeňiş Baýramynyň 101-nji ýyly Türkiyede we daşary ýurtlardaky wekilhanalarda giňden bellenilip geçilýär



Degişli Habarlar