Prezident Erdogan Halkara hoşniýetlilik baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident Erdogan: "76 ýyl bäri öýlerine we watanlaryna dolanmagy arzuw edip gelýän palestinaly doganlarymyzyň öňünde jogapkärçiligimiz bar" diýip belledi

2143154
Prezident Erdogan Halkara hoşniýetlilik baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan düýn agşam geçirilen 76-njy Halkara hoşniýetlilik baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Ol ýerde eden çykyşynda Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümleri barada gürrüň beren Prezident Erdogan: "76 ýyl bäri öýlerine we watanlaryna dolanmagy arzuw edip gelýän palestinaly doganlarymyzyň öňünde jogapkärçiligimiz bar. Olary ýok hökmünde garap bilmeris, äsgermezlik edip bilmeris" diýip habar berdi.

Günbatar güýçleriniň sypaň-sermeňligine we biperwaýlygyna garamazdan Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň arkasynda durdugy saýyn, Palestinada gyrgynçylyklaryň öňüne geçip bolmajakdygyny aýdan Prezident Erdogan: "Gabaw sebäpli şonsuz hem açyk howa hassahanasyna öwrülen Gazany soňky 229 günde ägirt uly çaga gonamçylygyna öwürdiler. Hiç kim aýdýanlarymyza gülmesin. Gazadaky gan döküşikde basyp alyjylar bilen birlikde, olara logistiki we harby taýdan kömek berýänler hem jogapkärdir" diýip mälim etdi.

Prezident Erdogan: "Sionist ýaýbaňlanma şeýle dowam etse, açyk aýdyň aýdýaryn, dünýämizde täze çaknyşyklar bolar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar