Türkiýe, Alžire Gynanç Bildirdi

Alžirde tokaý ýangynlarynda ýogalanlaryň sanynyň 34 adama ýetendigi nygtaldy

2015567
Türkiýe, Alžire Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Alžirde dowam edýän tokaý ýangynlarynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Alžirde dowam edýän tokaý ýangynlarynda asuda ilatdan we esgerlerden ybarat köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna gynanç bildirildi.

Beýannamada, “Ýangynlarda ýogalanlara Alladan rehnet, dost we doganlyk ýurt alžiriň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Türkiýe, agyr günleri başdan geçirýän Alžire ähli taraplaýyn kömek bermäge taýar”diýildi.

Alžiriň Içeri işler ministrligi, ýurduň demirgazygynda ýerleşýän 11 şäherde öňňin başlan tokaý ýangynlarynda ýogalanlaryň sanynyň 34 adama ýetendigini mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar