“Fransiýada başdan geçirilýän wakalaryň aňyrsynda kolonýalizm bar”

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

2006453
“Fransiýada başdan geçirilýän wakalaryň aňyrsynda kolonýalizm bar”

Prezident R. T. Erdogan, Fransiýada polisiýa gullukçysynyň asly alžirli ýetginjegi öldürmegi sebäpli başlan protest ýörişleri barada beren beýannamasynda “Fransiýada başdan geçirilýän wakalaryň aňyrsynda kolonýalizm bar” diýdi.

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Erdogan, beýannamasynda, Fransiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi.

Fransiýada geçen hepde polisiýa gullukçysynyň asly alžirli bir ýetginjegi öldürmegi bilen başlan protest ýörişleriniň aňyrsynda kolonýalizmiň bardygyny aýdan  Erdogan “Wakalara uly alada bildirýäris. Başdan geçirilýän soňky wakalaryň has uly ýitgi çekilmezden bes edilmegini dileýäris”diýdi.

Döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalara zeper ýetirilmegine, köçeleriň ýykylmagyna we dükkanlaryň talanmagyna garşydyklaryny, bu meselede hiç kimiň mamla bolup bilmejekdigini aýdan Erdogan “Emma bu sosial partlamadan ýolbaşçylaryň hem sapak almaly” diýdi.

Prezident Erdogan, “Bu wakalaryň immigrantlara we musulmanlara garşy täze basyşa sebäp bolmagyna alada bildirýäris” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar