Türkiyäniň Daşary işler ministri Saud Arabystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Taraplar Yslam guşmançylygyna garşy bilelikde göreş alyp barmak we sebitleýin meselelerde hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlary ara alynyp maslahatlaşdylar

2005737
Türkiyäniň Daşary işler ministri Saud Arabystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan bilen ertir Jidda şäherinde geçiriljek Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Nobatdan daşary Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahatynyň taýarlyklary barada telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen maglumata görä Hakan Fidan Saud Arabystanly kärdeşi Faýsal bin Ferhan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde Gurban baýramynyň ilkinji gününde Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagy bilen baglanşykly ertir Jidda şäherinde geçiriljek Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Nobatdan daşary Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahatynyň taýarlyklary maslahatlaşyldy. 

Taraplar Yslam guşmançylygyna garşy bilelikde göreş alyp barmak we sebitleýin meselelerde hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. 



Degişli Habarlar