Erdogan Gurban baýramy mynasybetli Adalat we ösüş partiýasyna ýüzlenip çykyş etdi

Prezident Erdogan dünýäniň Ysraýylyň gyrgynçylyklarynyň öňüne dessine böwet goýmaga mejburdygyny beýan etdi

2153822
Erdogan Gurban baýramy mynasybetli Adalat we ösüş partiýasyna ýüzlenip çykyş etdi

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gurban baýramy mynasybetli Adalat we ösüş partiýasyna göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly ýüzlenip çykyş etdi. 

Gurban baýramynyň basyp alyşlyk astyndaky Palestina topraklarynda adamzat üçin utandyryjy gyrgynçylyklaryň başdan geçirilýän bir zamanada bellenilip geçilýändigine ünsleri çeken prezident Erdogan: "Ysraýylyň genosid dolanşygy tarapyndan hyýanatçylyk bilen şehit edilen 38 müň doganymyzyň gam-gussasy, millet we umma hökmünde ählimiziň ýüreklerimizi paralaýar. Diňe musulmanlygymyzyň däl, şol bir wagtda adamzat gymmatlyklarymyzyň hem synagdan geçirilýän günlerden geçýäris. Gazadaky gyrgynçylyga reaksiýa bildirmek, doganlyk wezipämiz bolmak bilen birlikde, şeýle hem adamzat wezipämizdir" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Dünýä Ysraýylyň gana suwsamaklygyna garşy çäre görmäge, her gün täzelerine şaýat bolunýan gyrgynçylyklaryň öňüne dessine böwet goýmaga mejburdyr. Syýasy ömrüni uzaltmak üçin öz raýatlary bilen birlikde, bütin sebiti oda atan Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki dolanşygyň duruzulmagynyň hökmanydygyny ähli pursatda aýdyp geçýäris" diýip mälim etdi. 

Türkiye hökmünde sebitde hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagy we genosidiň jogapkärlerinden hasabyny soramak üçin ähli mümkinçiliklerini ulanýandyklaryny beýan etdi. 

Prezident Erdogan Palestina döwletini ykrar edýän ýurtlaryň sanynyň has hem köpelmegi üçin iş alyp barýandyklaryny habar berdi. 



Degişli Habarlar