Erdogan Gurban baýramy mynasybetli daşary ýurtly liderler bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gurban baýramy mynasybetli daşary ýurtly liderler bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2153687
Erdogan Gurban baýramy mynasybetli daşary ýurtly liderler bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Malaýziýanyň premýer ministri Enwer Ibrahim bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde prezident Erdogan baýramyň Ysraýylyň Gazadaky zulumy sebäpli gynançly geçýändigini, baýramyň yslam dünýäsine asudalyk we abadançylyk getirmegini diledi. 

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Malaýziýanyň premýer ministri Enwer Ibrahimi we Malaýziýanyň tutuş halkyny Gurban baýramy bilen gutlady. 

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan BAE-niň Döwlet baştutany Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä prezident Erdogan BAE-niň döwlet baştutany Al Nahaýan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, ganyň we göz ýaşlaryň akýan basyp alyşlyk astyndaky Palestina topraklarynda parahatçylyk we asudalyk içinde ýaşaljak baýramlara gowuşmagyny diledi. 

Erdogan telefon söhbetdeşliginde Al Nahaýany we BAE-niň bütin halkyny Gurban baýramy bilen gutlady. 

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bin Abdülaziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bin Abdülaziz Al Saud bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Yslam dünýäsiniň bu kyn wagtlarda jebisliginiň möhümdigini belläp, Saud Arabystanyny gazaly şehit we ýaraly maşgalalardan ybarat bolan 1000 adamy Haj parzy üçin ýurduna kabul etmek baradaky karary sebäpli gutlady. 

Telefon söhbetdeşliginde Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bin Abdülaziz Al Saudy we bütin Saud Arabystanynyň halkyny Gurban baýramy bilen gutlady. 

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Yragyň prezidenti Abdullatif Reşid bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Yragyň prezidenti Abdullatif Reşid bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Yslam dünýäsiniň iň möhüm günleri bolan baýramlaryň baýramçylyk gurşawynda bellenmegi we Palestina topraklary başda bolmak bilen, Yslam dünýäsine asudalyk, bagtyýarlyk we bereket getirmegini diledi. 

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Yragyň prezidenti Abdullatif Reşidi we Yragyň bütin halkyny Gurban baýramy bilen gutlady. 



Degişli Habarlar