Prezident Erdogan Sudanyň lideri Al Burhan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Sudanyň Özygtyýarlyk geňeşiniň başlygy, goşun generaly Abdulfettah Abdurahman Al Burhan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

2004835
Prezident Erdogan Sudanyň lideri Al Burhan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommuniýasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, telefon söhbetdeşliginde liderler biri-birlerini Gurban baýramlary bilen gutlap, baýramyň Sudanyň bütin halky we Yslam dünýäsi üçin düşümli bolmagyny dilediler. 

Telefon söhbetdeşliginde Sudanda başdan geçirilýänleriň ýene-de bir baýramçylygyň hasrat bilen garşylanmagyna sebäp bolýandygyny aýdan Prezident Erdogan, wakalara ýakyndan gözegçilik edýändiklerini habar berdi. 

Prezident Erdogan Türkiyäniň ilçihanasynyň başdan geçirilýän hadysalara garamazdan Sudandan gaýtmandygyny, şonuň saýasynda işleriň arakesmesiz ýagdaýda Port-Sudan şäherinde alynyp barylýandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar