Prezident Erdogan Gurban Baýramy Mynasybetli Gutlag Ýüzlenmesini Berdi

Prezident Erdogan Respublikanyň täze aşyryny ähli taraplaýyn täze döwrüň, täzeden çarpaýa galyşyň, täze jemgyýetçilik utgaşyklygyň başlangyjyne öwürmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

2004664
Prezident Erdogan Gurban Baýramy Mynasybetli Gutlag Ýüzlenmesini Berdi

Erdogan Gurban baýramy mynasybetli beren wideo ýüzlenmesinde, raýatlaryň baýramyny içginlik bilen gutlap, baýramyn türk milletine, yslam dünýäsine we bütin adamlara haýyr getirmegini arzuw etdi.

Baýramçylyklaryň millete agzybirligi, jebisligi, ozaldan gelýän baky doganlygy ýatladýan günlerdigini nygtan Erdogan; “Gurban baýramy esasanda gurban ybadaty bilen bölüşmegiň we arkalaşygyň hamala diýersiňiz çarpaýa galýan bereketli döwrüdir. 6-njy feraldaky ýer titremeler sebäpli ýüreklerimiziň ýanýan aýlarynda Gurban baýramynyn raýatlarymyzyň arasynda doganlyk duýgularyny enşalla hasam güýçlendirjekdigine ynanýaryn” diýdi.

Ýer tiremäniň ýitgileriniň öwezini dolmak, ejir çekenlere gysga möhletde öýlerine gowuşdyrmak üçin işlerin üznüksiz dowam edýändigini beýan eden Erdogan; “Ýer titreme jaýlarynyň ilkinji bölümini enşalla oktýabr-noýabr aýlarynda gowşurmaga  başlarys. Milletimize söz berişimiz ýaly 319 müňi birinji ýylyň dowamynda, jemi 650 müň ýaşaýyş jaýyny gurup gutarys” diýdi.

Prezident Erdogan 14-nji we 28-nji maýdaky saýlawlaryň geçmeginden soň indi ýurduň meseleleri bilen ýakyndan gyzyklanmaga şert tapandyklaryna ünsi çekip; “Maksadymyz milletimizin garaşsyzlyk we gelejek göreşinde  Respublikanyň täze aşyryny ähli taraplaýyn täze döwrüň, täzeden çarpaýa galyşyň, täze jemgyýetçilik utgaşyklygyň başlangyjyne öwürmegi maksat edinýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar