Şweýsariýanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy
Şweýsariýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Žan Deniel Ruç Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde Prezident Rejep Taýýip Erdogany nyşana alan öjükdiriji demonstrasiýadan soň Daşary işler ministrligine çagyryldy
![Şweýsariýanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/1fe1/aa74/5208/645a138c084fd.jpg?time=1718701974)
Diplomatik çeşmeler Sýurih şäherinde Prezident Erdogany nyşana alan maket ýakmak we banner açmak hadysasynyň bolmagy sebäpli Şweýsariýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Žan Deniel Ruçy ministriň orunbasary we Ýewropa Bileleşigi işler başlygy Mehmet Kemal Bozaý tarapyndan Daşary işler ministrligine çagyrylandygy habar berildi.
Duşuşykda ilçi Žan Deniel Ruça Perzident Erdogany nyşana alan bu öjükdiriji aksiýanyň hiç bir ýagdaýda kabul edilmejekdigi nygtaldy. Bular ýaly görnüşli öjükdiriji aksiýalara rugsat berilmezliginiň gerekdigi bellendi, mundan başgada waka bilen bagly derňew işiniň başladylyp, jogapkärleriň anyklanmagy we gerek bolan işleriň tiz wagtda amala aşyrylmagy talap edildi.
Degişli Habarlar
![Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e0cb/10b5/a712/66713b2bde92e.jpg?time=1718701975)
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi