Altun: "Türkiye Asyry indi başlady" diýdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Türkiyede geçirilen Prezident saýlawyndan soň Türkiye Asyrynyň indi başlandygyny habar berdi

1992623
Altun: "Türkiye Asyry indi başlady" diýdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, 28-nji maýda geçirilen Prezident saýlawyň 2-nji tapgyrynyň Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýeňişi bilen netijelenmegi  bilen baglanşykly sosial media hasabyndan beýannama berdi. 

"Türkiye Asyry indi başlady" diýip aýdan Fahrettin Altun: "Türkiye içinde bolan durnuksyzlyk gurşawynda sebitleýin we global mesleleriň çözüwi üçin durnuklaşdyryjy güýç bolmaga dowam eder" diýip belledi. 

Fahrettin Altun: "Prezident Erdogan terror başda bolmak bilen Türkiyä abanýan daşary howplar bilen bagly habarlylygy ýokarlandyrdy. Erdogan daşary syýasat, milli howpsuzlyk, goranyş pudagy, ykdysadyýet, ylym we tehnologiýa, saglygy goraýyş we ýaşaýyş ýerler ýaly jemgyýetçilik kadalarynyň esasy elementleri barada saýlawçylaryna umyt berdi. Türkiye Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda has abadan, has uly we has güýçli bolmak üçin giňişleýin galkynyş meýilnamasyny durmuşa geçirer" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar