Pakistanyň Daşary Işler Ministri, Iki Ýurduň Arasyndaky Hyzmatdaşlyga Ünsi Çekdi

Zerdari, Anadoly Habarlar gullugyna Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda beýannama berdi.

1990288
Pakistanyň Daşary Işler Ministri, Iki Ýurduň Arasyndaky Hyzmatdaşlyga Ünsi Çekdi

Pakistanyň Daşary işler ministri Bilawal Butto Zerdari, Türkiýe bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe iki döwletiň arasyndaky däl, eýsem özlerini doganlyk ýurt hökmünde görýän iki halkyň arasyndaky içgin gatnaşyklardygyny aýtdy.

Zerdari, Pakistanda Anadoly Habarlar gullugyna Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda beýannama berdi.

Zerdari, “Men Türkiýe bilen ýurdumyň arasyndaky gatnaşyklary diňe iki döwletiň arasyndaky däl, eýsem özlerini doganlyk ýurt hökmünde görýän iki halkyň arasyndaky içgin gatnaşyk hökmünde görýärin” diýdi.

Iki ýurduň agyr günlerinde birek-birege goldaw berýändigini nygtan Zerdari, 2005-nji ýylda Azad Žammu Kaşmirde bolan ýer titremesinden soň Türkiýäniň ilkinjileriň hatarynda kömek berendigini ýatlatdy.

Azad Žammu Kaşmiriň halkynyň, türk halkynyň beren kömegini asla ýatdan çykarmandygyna ünsi çeken Zerdari, Türkiýede 6-njy fewralda bolan ýer titremesinden soň, ykdysady taýdan agyr günleri başdan geçirýändiklerine garamazdan ellerinden geldigiçe türk doganlaryna kömek berendiklerini belledi.

Pakistanyň Daşary işler ministri Zerdari, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün saýyn pugtalanýandygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar