Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Bruneý, Somali, we Ispaniýa döwletleriniň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçilerini kabul etdi

2143502
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi
erdogan-ispanya elcisi cristina latorre sancho kabul.jpg
erdogan-somali elcisi fathudin ali muhammed kabul.jpg
erdogan-brunei elcisi noni zurainah haji kabul.jpg

Ýurduň paýtagty Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde geçen kabul edilşige Bruneýiň Ankara şäherindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Noni Zurainah Haji, Somaliniň Ankara şäherindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Fathudin Ali Muhammed we Ispaniýanyň Ankara şäherindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kristina Latorre Sanço Prezident Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Ilçileriň prezident Erdogana ynanç hatlaryny gowşuranlaryndan soň ýadygärlik surata düşüldi.

Prezident Erdogan soň bolsa ilçileri aýry-aýry kabul etdi. 



Degişli Habarlar