Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Agry we Batman welaýatlarynda geçirilen operasiýalarda 1-i gyzyl, 3-si narynç kategoriýada bolan jemi 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2154306
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Operasiýalar Agry welaýatynyň Dogubaýazyt etrabynyň obalyk ýerlerinde we Batman welaýatynyň Hasankeýf etrabynyň Palamut obasynyň golaýynda geçirildi. 

PKK-a agza 5 terrorçy ýaragly çaknyşykda ýaraglary bilen bilelikde täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Terrorçylaryň 1-iniň gyzyl, 3-siniň narynç kategoriýada bolandyklary mälim edildi. 

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Dönükleri yzarlamagy dowam etdireris" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Batman , #Agry , #PKK , #terrorçy

Degişli Habarlar