Kurtulmuş Irlandiýany, Ispaniýany we Norwegiýany gutlady

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş, Palestina döwletini ykrar etmek ugrunda eden adalatly we gaýduwsyz ädimleri mynasybetli Irlandiýanyň, Ispaniýanyň we Norwegiýanyň hökümetlerini gutlaýandygyny habar berdi

2143209
Kurtulmuş Irlandiýany, Ispaniýany we Norwegiýany gutlady

TBMM-nyň başlygy Numan Kurtulmuş sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Palestina döwletini ykrar etmek ugrunda eden adalatly we gaýduwsyz ädimleri mynasybetli Irlandiýanyň, Ispaniýanyň we Norwegiýanyň hökümetlerini gutlaýaryn. Döwletleri we hökümetleri bu kanuny kararlary kabul etmäge höweslendirýän halklar we adamzadyň wyždany Netanýahudan we toparyndan üstün çykar. Her ýaşdaky bigünä adamlary öldüren harby jenaýatçylaryň, halkara kazyýetleriň öňüne çykjak günler golaýdadyr. Dünýäniň beýleki ähli ýurtlaryny Palestinanyň halkynyň we döwletiniň ýanynda durmaga we bu gyrgynçylygy bes etmek üçin has köp tagalla etmäge çagyrýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar