Türkiýä Ynsanperwer Kömegi Gelmäge Dowam Edýär

Türkiýä berilýän goldaw ýüzlenmeleri we ynsanperwer kömekleri dowam edýär.

1955961
Türkiýä Ynsanperwer Kömegi Gelmäge Dowam Edýär
pakistan deprem yardim.jpg
belcika radyolar yardim.jpg
Empire State kirmizi beyaz.jpg
Novi Pazar-Radnicki maci oyuncak.jpg

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan “asyryň apaty” hökmünde häsiýetlendirlen ýer titremelerinden soň dünýä ýurtlaryndan Türkiýä berilýän goldaw ýüzlenmeleri we ynsanperwer kömekleri dowam edýär.

Pakistanda 18 uniwersitetiň talyplary, ýer titremeleri zerarly ejir çeken talyplar üçin pul kömegini berdi.

Pakistanly talyplaryň nagt pul kömegi ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitlerindäki talyplara stipendiýa hökmünde berler.

Belgiýadan ýaýlym berýän radiolar hem Türkiýede we Siriýada ýer titremeleri zerarly ejir çekenler üçin ýardam kampaniýasyny geçirdi.

ABŞ-da hem Nýu-Ýorkdaky Empire State binasy 6-njy martda Türkiýede bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň hormatyna we halas bolanlara goldaw bermek maksady bilen Türkiýäniň baýdagynyň reňkeri bilen ýagny gyzyl-ak reňkler bilen ýagtyldyldy.

Serbiýada bolsa Super Ligada Nowi Pazar bilen Radniskiý futbol kumandalarynyň duşuşygynda meýdança atylan oýunlar, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri zerarly ejir çeken çagalara ugradylar.

 

 

 

 



Degişli Habarlar