Milli Goranmak Ministri Akar, Gruziýaly Wekiliýeti Kabul Etdi

Kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

1935632
Milli Goranmak Ministri Akar, Gruziýaly Wekiliýeti Kabul Etdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Gruziýanyň Parlamentiniň Goranyş we howpsyzlyk komitetiniň agzalaryny kabul etdi.

Paýtagt Ankarada Milli Goranmak ministrliginde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Beýleki tarapdan, Milli Goranmak ministri Akar şu gün 30 ýurduň goranmak ministriniň gatnaşmagynda Germaniýada geçiriljek Ukraina maslahatyna gatnaşar.

Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar, NATO-nyň Ramştaýn howa bazasynda geçiriljek maslahatda ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahata Milli Goranmak ministri Hulusi Akar bilen birlikde 30 ýurduň goranmak ministri gatnaşar.

Maslahatda, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde ýetilen sepgit we sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde ynsanperwer kömek meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

 

 



Degişli Habarlar