Erdogan Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi habar berildi.

1907899
Erdogan Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary we galla geçelgesi hakynda hem-de sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde galla eksporty hakynda Stambul ylalaşygynyň 120 gün möhlet bilen uzaldylmagy boýunça oňyn çemeleşmesi üçin Putine sagbolsun aýtdy.

24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň uzamagynyň howplary artdyrjakdygyny, şol sebäpli diplomatik gepleşikleriň depgininiň güýçlendirilmelidigini beýan eden Prezident Erdogan, rus we amerikan  howpsuzlyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Türkiýede geçiren duşuşyklarynyň ýerlerde gözegçiliksiz dartgynlygyň öňüniň alynmagy taýdan möhümdigini aýtdy.

Putiniň Türkiýede tebigy gaz merkeziniň gurulmagy hakyndaky teklibine kanagatlanma bildiren Erdogan, umumy maksatlara gysga möhletde ýetmek üçin toparlaryň degişli tehniki, hukuky we söwda gepleşiklerini geçirjekdiklerini beýan etdi.

Erdogan Stambuldaky terror hüjümi sebäpli bildiren duýgudaşlygy üçin Putine sagbolsun aýtdy.



Degişli Habarlar