Galla ylalaşygynyň çäginde ýene-de 9 gämi Ukrainadan ýola çykdy

Stambulda baglaşylan Galla ylalaşygynyň çäginde ýene-de 9 gämi Ukrainadan ýola çykdy

1896100
Galla ylalaşygynyň çäginde ýene-de 9 gämi Ukrainadan ýola çykdy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi, Ukrainadan galla ýüklenen ýene-de 9 gäminiň ýola çykandygyny habar berdi. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda galla eksportynyň meýilleşdirilşi ýaly howpsuz ýagdaýda dowam edýändigi bellenip: "Düýn we şu gün Ukrainanyň portlaryndan jemi 9 gämi, galla ýüklenen ýagdaýda ýola çykdy" diýip mälim edildi. 


Etiketkalar: #gämi , #galla , #Ukraina

Degişli Habarlar