Çawuşogly: "Ýewropadaky energetika krizisiniň gowşadylmagynyň tarapdarydyrys" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Ýewropadaky energetika krizisiniň gowşadylmagynyň tarapdarydyrys" diýip nygtady

1893018
Çawuşogly: "Ýewropadaky energetika krizisiniň gowşadylmagynyň tarapdarydyrys" diýdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiye-Katar Ýokary derejeli strategik komitediň 8-nji maslahatynyň çäginde, Kataryň Daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen Stambulda umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe hökmünde Ýewropadaky energetika krizisiniň gowşadylmagynyň tarapdarydyklaryny belläp: "Häzirki wagtda şeýlede Türkiyede möhüm energiýa liniýalary bar. Türk Akym1 geçiriji öz zerurlyklarymyz üçin guruldy. Türk Akym2 geçiriji hem aslyna garanyňda Günorta-gündogar Ýewropa ýurtlary üçin gurulan bir taslama. Biz Ýewropadaky energetika krizisiniň gowşadylmagynyň tarapdarydyrys. Ýewropanyň şol meseleleriň hötdesinden gelmegi üçin goşant goşýarys we mundan soň hem goşant goşmak isleýäris" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly ABŞ-dan alynmagy meýilleşdirilen F-16-lar bilen bagly bolsa: "ABŞ-nyň hökümedi we Pentagon F-16-laryň Türkiyä berilmeginiň diňe Türkiyäniň däl, eýsem NATO-nyň hem peýdasyna boljakdygy barada garaýyşda. Elbetde bu meseläniň iň gysga wagtda netijelenmegi gerek. Şertli ýagdaýda almagyň peýdasy bolmaz" diýip mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly çykyşynda mundan başgada Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dialogyň bes edilmezliginiň gerekdigini belläp: "Taraplaryň ikisi bilen hem aragatnaşykda bolmagyň peýdasy bar. Günbatar bilen Russiýanyň arasynda maslahatlaşylmaly meseleler bar" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar