Ukrainanyň Ýaňadandan Dikeldilmegi Üçin Iş Topary Dörediler

Ukrainanyň söweş sebäpli hatardan çykarlan infstrukturasynyň ýaňadandan dikeldilmegi maksady bilen şertnama baglaşyldy.

1869885
Ukrainanyň Ýaňadandan Dikeldilmegi Üçin Iş Topary Dörediler

Iş sapary bilen düýn Ukraina giden Prezident R. T. Erdogan, Prezident Wladimir Zelenskiý bilen Potoçki köşgünde duşuşdy.

Duşuşykdan soň Prezident Erdogan bilen Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiniň gatnaşmagynda, Ukrainanyň söweş sebäpli hatardan çykarlan infstrukturasynyň ýaňadandan dikeldilmegi maksady bilen şertnama baglaşyldy.

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasynda baglaşylan şertnama, Ukrainanyň İnfstruktura ministri Oleksandr Kubrakow bilen Söwda ministri Mehmet Muş gol goýdy.

Şertnamanyň çäginde iki ýurduň arasynda Ukrainanyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin İş topary dörediler.

Iş topary, Ukrainada ýollar, körüler, hassahanalar we mekdepler bilen birlikde ýurduň ykdysadyýetine uly goşant goşjak desgalaryň ýaňadandan dikeldilmegi üçin iş alyp barar.

Rus esgerleri 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.



Degişli Habarlar