Türkiýe Italiýa PKK sebäpli biynjalyklygyny bildirdi

Türkiýe Italiýa ekstremist terror guramasy PKK-nyň hereketleri sebäpli biynjalyklygyny bildirdi

1838689
Türkiýe Italiýa PKK sebäpli biynjalyklygyny bildirdi

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Türkiýäniň Italiýanyň Rim şäherindäki ilçihanasynyň ozal eden tagallalaryna garamazdan, soňky gezek 2022-nji ýylyň 4-nji iýunynda Rim şäherinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň simwollary we terror guramasynyň ýolbaşçysynyň suratynyň sergilenen ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan geçirilen protestine biynjalyklygyň bildirilmegi maksady bilen Italiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jorjio Marrapodi düýn Daşary işler ministrligine çagyrylyp, oňa Türkiýäniň pozisiýasy we talaplary ýetirildi. 

Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK-nyň döwlet derejesine ýeten gara propogandasynyň, raýat jemgyýetçilik guramalary ady astynda alyp barýan işlerine we terror guramasynyň ýolbaşçysyna Italiýanyň häkimlikleri tarapyndan hormatly doktorlyk derejesi berilmegine biynjalyklyk bildirilen duşuşykda mundan başgada, terror guramasynyň we tarapdarlarynyň bular ýaly görnüşli aksiýalarynyň öňüniň alynmagy ugrundaky talap ýaňadandan bildirdildi, Italiýanyň hökümediniň terrora garşy göreş babatyndaky jogapkärçiligi ýatladylyp geçildi. 


Etiketkalar: #Rim , #PKK , #ilçihana , #Türkiýe , #Italiýa

Degişli Habarlar