Türk lider Erdogan ADF-nyň çäginde daşary ýurtly ýolbaşçylar bilen duşuşyklar geçirýär

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Antalýa Diplomatiýa forumynyň (ADF) çäginde myhman liderler bilen duşuşyklar geçirmäge dowam edýär

1794342
Türk lider Erdogan ADF-nyň çäginde daşary ýurtly ýolbaşçylar bilen duşuşyklar geçirýär
Necirvan Barzani-Erdogan.jpg
Umaro Sissoco Embalo-Erdogan.jpg
kiril petkov-erdogan.jpg

Prezident Erdogan ADF-nyň 2-nji gününde Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň agzalary Şefik Jaferowiç we Milorad Dodik bilen duşuşyk geçirdi. 

Erdogan ondan soň bolsa Bolgariýanyň Premýer ministri Kiril Petkowy kabul etdi. 

Kabul edilşige Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan we Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşsiçi Ömer Çelik hem gatnaşdy. 

Erdogan ondan soň bolsa Gwineýa-Bissau döwletiniň Prezidenti Umaro Sissoko Embalo bilen we Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň başlygy Neçirwan Barzani bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşyklar Erdoganyň galýan myhmanhanasynda metbugata ýapyk häsýetde geçdi. 



Degişli Habarlar