Şyrnakda “Eren Gyş-28” Operasiýasy Başladyldy

“Eren Gyş” operasiýalary halkyň goldaw bermeginde egilşiksiz dowam eder

1787786
Şyrnakda “Eren Gyş-28” Operasiýasy Başladyldy

Şyrnak welaýatyna ekstremist terror guramasy PKK-a garşy “Eren Gyş-28” operasiýasy başladyldy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, terror guramasy PKK-ny ýurduň gün tertibinden dolulygyna çykarmak we sebitdäki terrorçylaryny täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Şyrnak welaýatynda “Eren Gyş-28 şehit esger Adem Erbaş” operasiýasy başladyldy.

Operasiýa 648 esger gatnaşýar.

Beýannamada, terror guramasyny dolulygyna ýok etmegi maksat edinýän “Eren Gyş” operasiýalarynyň halkyň goldaw bermeginde egilşiksiz dowam etjekdigi nygtaldy.



Degişli Habarlar