Türkiýe: "Russiýanyň Ukraina garşy operasiýasy kabul edilmez" diýdi

Türkiýe Russiýanyň Ukraina garşy başladan harby operasiýasynyň kabul edilmejekdigini beýan etdi

1784535
Türkiýe: "Russiýanyň Ukraina garşy operasiýasy kabul edilmez" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Bu hüjüm Minsk ylalaşygyny ortadan aýyrmak bilen çäklenmän, halkara hukugyň agyr bir düzgün bozmasydyr we dünýäniň howpsuzlygy üçin örän uly wehimdir" diýip habar berildi. 

Beýanatda: "Ýurtlaryň territorial bütewiliklerine we özbaşdaklyklyklaryna hormat goýulmagynyň gerekdigine ynanýan Türkiýe, serhetleriň ýaraglaryň üsti bilen üýtgedilmegine garşydyr. Russiýa Federasiýasyna bu haksyz we hukuksyz hereketini iň gysga wagtda bes etmäge çagyryş berýäris. Ukrainanyň syýasy jebisligine, özbaşdaklygyna we territorial bütewiligine goldawymyz dowam eder" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar