Türk Resmi Wekiliýeti Palestinada Saparda Bolýar

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas türk resmi wekiliýetini kabul etdi.

1780131
Türk Resmi Wekiliýeti Palestinada Saparda Bolýar

Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Türk resmi wekiliýeti Palestinada saparda bolýar.

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Ramallah şäherinde Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bilen Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýetini kabul etdi.

Kabul edilşikde Türkiýe-Palestina gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türk resmi wekiliýeti, iki döwletli çözgüdiň çäginde Türkiýäniň Palestinanyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Türk resmi wekiliýeti saparynyň çäginde Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Al Maliki bilen hem duşuşdy.

Duşuşyga Türkiýäniň Palestinadaky Başkonsuly ilçi Ahmet Ryza Demir hem gatnaşdy.

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bilen Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň şu gün Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär.

 

 

 



Degişli Habarlar