Milli Goranmak Ministri Akar, NATO-nyň Goranmak Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşar

Ministr Akaryň maslahatyň çäginde käbir ýurtlaryň goranmak minisrtleri bilen özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

1779161
Milli Goranmak Ministri Akar, NATO-nyň Goranmak Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň fewral aýynyň 16-17-i aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek maslahatyna gatnaşar.

Akar, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlygyň möwjän döwründe NATO-nyň ştab kwartirasynda geçiriljek maslahata gatnaşmak üçin şu gün Brýussele gider.

Ministr Akaryň maslahatyň çäginde Britaniýa, Ruminiýa, Gollandiýa, Estoniýa we Demirgazyk Makedoniýa bilen birlikde käbir ýurtlaryň goranmak minisrtleri bilen özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar