Diýarbakyrda “Eren Gyş-22” Operasiýasy Başladyldy

2021-nji ýylyň 7-nji noýabrynda başladylan “Eren Gyş” operasiýalarynyň çäginde häzire çenli 20 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1777163
Diýarbakyrda “Eren Gyş-22” Operasiýasy Başladyldy

Diýarbakyrda “Eren Gyş-22” Şehit esger Fedai Efe operasiýasy başladyldy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, terrora garşy göreş ýurduň içinde we serhetaşa egilşiksiz dowam edýär.

Şo çäkde Diýarbakyrda “Eren Gyş-22” Şehit esger Fedai Efe operasiýasy başladyldy.

Operasiýa Žandarma güýçleriniň serkerdeliginde 1280 harby gullukçy gatnaşýar.

Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylygynda 2021-nji ýylyň 7-nji noýabrynda başladylan “Eren Gyş” operasiýalarynyň çäginde häzire çenli 20 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 350 gowak bilen ýarag ammary hatardan çykaryldy.



Degişli Habarlar